ABŞ-nyň kenarýaka çäkleriniň köpüsi 2050-nji ýylda suwa gark bolar diýip, «Daily Mail» neşiri «Climate Central» edarasyna salgylanyp habar berdi.
«Guramanyň interişjeň kartasy Amerikanyň kenarýakada ýerleşýän köp şäherleriniň garaňky geljegini görkezýär, olaryň köpüsi eýýäm 2050-nji ýylda suwuň astynda galar» diýip, ady tutulan neşire salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.
Makalada şeýle-de Luiziana, Jorjiýa, Florida we Nýu-Ýork ştatlaryndaky şäherleriň hem gark boljakdygy bellenýär. Weýrançylyk Floridadaky Ewergleýds batgalygy ýa-da Nýu-Ýorkdaky Azatlyk heýkeli dikilen Liberti adasy ýaly ýerlere-de howp salýar.