Wýetnamy «Wutip» tropiki tupany netijesinde dörän güýçli sil joşguny basdy. Tebigy heläkçilik netijesinde dokuz adam gurban boldy, iki adam dereksiz ýiten hasaplanýar. Bu barada «MIR 24» habar berdi.
Ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda 3,5 müňden gowrak öý, şaly we beýleki oba hojalyk ekinleriniň 88 müň gektary suwa gark boldy. 2,4 müňden köp ýaşaýjy ejir çeken etraplardan göçürildi.
«Wutip» tupany bu ýylda Günorta-Hytaý deňzinde ilkinji gezek döredi. Ol iýunyň başynda güýçli sil joşgunlaryny döreden adaty bolmadyk ýagynlary alyp geldi. Netijede, Wýetnamyň merkezi böleginde ulag gatnawlarynda bökdençlikler döredi, sebitiň hojalygyna uly zyýan ýetdi diýip, «VnExpress» portaly ýazýar.
Munuň öňüsyrasy Kongo Demokratik Respublikasynyň paýtagty Kinşasuny hem güýçli çabga ýagyşlary basdy. 19 adam heläk boldy. Günorta Afrikada hem sil joşgunlarydyr süýşgünler sebäpli 86 adamyň gurban bolandygy habar berildi.