Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Aşgabatda küşt boýunça çagalaryň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa badalga berilýär

13:5016.06.2025
0
14655
Şu gün Aşgabatda küşt boýunça çagalaryň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa badalga berilýär
Surat: Türkmenmetbugat

Halkara ýaryş Olimpiýa şäherçesiniň binalar toplumyna golaý ýerleşýän Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçiriler. Şu gün bu ýerde ýaryşyň açylyş dabarasy bolar. Günüň dowamynda küştüň çalt oýnalýan görnüşleriniň biri bolan rapid boýunça ýaryşlar dowam eder. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaryş 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda guralýar. Olar üç günüň dowamynda rapidden başga, blitz boýunça hem ýaryşarlar. Bu-da küştüň çalt oýnalýan görnüşleriniň biridir.

Halkara ýaryşa gatnaşyjy döwletleriň sany, Türkmenistan bilen bilelikde, 11-e ýetip, olaryň wekilleri bolsa 200-e golaýlaýar. Aşgabatdaky halkara ýaryşyň medallaryna eýe bolmak üçin Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Hindistan, Russiýa, Tailand, Wýetnam, Malaýziýa ýaly ýurtlardan küştçüler Aşgabada geldiler.

Daşary ýurtlaryň wekilçilikli toparlarynyň arasynda ata-eneler, tälimçiler, topar ýolbaşçylary, resmi wekiller hem bar. Ýaryşa Türkmenistandan 80-den gowrak ýaş küştçiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 18-nji iýunda geçiriler.

Türkmen küştçüleriniň bu ýaryşa ýokary taýýarlykly geldiler. Şu ýyl 8 — 12 ýaşa çenli ýaş derejelerindäki türgenler halkara ýaryşlarda ençeme medallara mynasyp boldular. Aprel aýynda çalt oýnamak boýunça Gresiýada geçirilen çagalaryň we ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Anna Çaryýewa bürünç, ýene şol aýda Täjigistanda geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Çaryhekim Çaryýew, 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Maksat Awlýakulyýew, Myrat Merdanow we Didar Hupbyýew bürünç medallary gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň