Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy

13:2616.06.2025
0
13046
Birža söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy
Surat: Türkmenhowaýollary

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

BAE-niň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah mata we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin nebithimiýa önümlerini — polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit koksuny we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem ownuk däneli hlorly kalini, tehniki uglerody we ýody («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, buýan köküniň ekstrakty, nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata hem-de jins matasy, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 1 milliard 139 million manatdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň