Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

R.Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

11:1716.06.2025
0
15155

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Sebit merkeziniň Merkezi Aziýadaky maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 80-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda halkara raýdaşlygyň we goldaw bermegiň belent maksatlaryna hem-de ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik işiniň ýokary ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň