Türkmenbaşynyň «Şagadam» futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň oýnunda Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi.
Duşuşyk Türkmenbaşy şäheriniň klubynyň maýdançasynda geçdi. Oýunda hasaby «Şagadamyň» ýarym goragçysy Mekan Aşyrow 45-nji minutda açdy. Ikinji ýarymda Süleýman Mirzaýew 76-njy minutda garşydaşynyň derwezesine gol geçirip, öý eýeleriniň artykmaçlygyny artdyrdy. «Altyn Asyr» toparynyň düzüminde ýeke-täk pökgini Zafar Babajanow 84-nji minutda geçirdi.
Bu ýeňiş «Şagadama» 25 utuk toplamaga we ýaryş tertibinde dördünji orny saklamaga mümkinçilik berdi. «Şagadam» topary häzir yzyndan gelýän «Nebitçi» klubyndan 10 utuk öňde barýar.
Baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Altyn Asyr» kluby üçin bu häzirki möwsümde dördünji ýeňilişdir. Paýtagtyň toparynyň hem 25 utugy bar.
Çempionatda geçirilen 11 oýunda 33 utuk gazanan «Arkadag» topary öňde barýar. Ikinji orunda bolsa 13 oýundan soň 28 utuk gazanan «Ahal» barýar.
13-nji tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Köpetdag» myhmançylykda «Nebitçi» toparyndan ýeňildi (0:1), «Arkadag» kluby «Aşgabat» toparyndan üstün çykdy (2:0), «Ahal» topary bolsa «Merwi» ýeňdi (3:1).