Şu hepde Türkmenistanyň sebitlerinde howanyň +44 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +26... +31 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +23 gradusdan +25... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +36 gradus maýyldan +40... +42 gradus aralygynda yssy bolar.