«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalarynyň degişli awtomatik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmäge ýardam berer.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 13-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanowyň ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň ýurduň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.