Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dinozawrlaryň täze görnüşi açyldy

18:1613.06.2025
0
27002
Dinozawrlaryň täze görnüşi açyldy
Surat: Podrobno.uz

Kanadaly paleontologlar dinozawryň täze görnüşini açdylar. Olar Mongoliýanyň Gobi çölünden tapylan daşa dönen süňkleri öwrenmek bilen şeýle açyş etdiler. Täze görnüş «Khankhuuluu mongoliensis» diýlip atlandyryldy. Bu barada ABC teleýaýlymyna salgylanýan «Podrobno.uz» habar berdi.

Mähnet ýyrtyjy mundan 80 million ýyl töweregi öň ýaşapdyr we meşhur tirannozawryň urugdaşy bolup durýar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, onuň uzynlygy 4 metre, agramy 770 kilogramma deň bolupdyr.

Bu görnüşiň ystyhanlary 1970-nji ýyllarda tapylypdy, emma şol wagt olar dinozawrlaryň başga bir görnüşine degişli edilipdi. Diňe 2023-nji ýylda häzirki zaman ylmy-barlag usullary ystyhanlaryň düýbünden täze dinozawr görnüşine degişlidigini anyklamaga mümkinçilik berdi.

Täze ylmy açyş tirannozawrlaryň ösüşine we olaryň giçki hek döwründäki göçüşine düşünmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň