Hytaýyň «Neta Auto» ulag kompaniýasy özüniň batandygy barada yglan etdi diýip, «carnewschina.com» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Ýagdaý awtoulag brendiniň bergileri sebäpli döredi. Galyberse-de, kompaniýanyň işgärleri aýlyk haklaryny alyp bilmediler, bu bolsa köpçülikleýin garşylyk çykyşlaryna getirdi hem-de meseläni ýitileşdirdi.
«Neta Auto» elektrik ulaglaryny öndüriji 2018-nji ýylda esaslandyryldy, emma soňky ýyllarda onuň satuwlary pese gaçdy. Eger 2022-nji ýylda kompaniýa 152 müň awtoulag satan bolsa, 2024-nji ýylda satuwlaryň möçberi 64,5 müň birlige çenli azaldy.