Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen küştçüleri Şri-Lankada geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda üç medal gazandy

08:1713.06.2025
0
9523

Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysy Kolombo şäherinde (Şri-Lanka) tamamlanan 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda üç medal gazandy. Ýaryş üç ugur boýunça geçirildi: nusgawy küşt, rapid we blis — diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Leýla Şöhradowa (reýtingi 1960) her göçüm üçin berilýän 15 minut 10 sekunt wagtda mümkin bolan ýedi utukdan 6,5 utuk toplap, ýaryşyň rapid görnüşi boýunça çempiony boldy. Kümüş medaly Hindistanyň küştçüsi Şri Redi Kirti (6,0 utuk), bürünç medaly bolsa şri-lankaly küştçi K.M. Daamadi Sanudula (5,5 utuk) gazandy.

Nusgawy küşt oýnunda Läle Şöhradowa diňe russiýaly Galina Miheýewadan yzda galyp, kümüş medala eýe boldy. Üçünji orny hindistanly türgen Saranýa Dewi eýeledi. Ýaryşyň netijeleri boýunça Läle Şohradowa aýal-gyzlaryň arasynda halkara ussady (WIM) adyna mynasyp bolmak üçin ilkinji kadany gazandy.

Türkmenistan üçin üçünji medaly Amanmuhammet Hommadow gazanyp, mümkin bolan dokuz utukdan 7 utuk gazanmak bilen ýaşlaryň arasynda nusgawy ýaryşyň bürünç medalynyň eýesi boldy. Russiýaly Konstantin Popow (7,5 utuk) ýaryşyň ýeňijisi boldy, kümüş medaly bolsa gazagystanly Asman Baýantas (7,0 utuk) gazandy. Hommadow gönümel FIDE ussady adyna mynasyp boldy we halkara ussadynyň (IM) talaplaryny ýerine ýetirmek üçin ilkinji kadany gazandy.

4-12-nji iýun aralygynda geçen çempionata sebitiň dokuz ýurdundan 110 küştçi gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň