Beýik Britaniýada 200 ýyl mundan öň köçede ýatmagy gadagan edýän sergezdanlyk barada kanuny ýatyrarlar diýip, «MIR 24» ýazýar.
Taýýarlanylýan çözgüt barada hökümet portalynda habar berildi. Ýurduň Ýaşaýyş jaý ministrliginiň beýanatynda geljek ýylyň ýazyndan başlap, köçede ýatyp ukyňy almagyň kanun taýdan yzarlanmajakdygy aýdylýar.
Bu ugurdaky täze kanunçylyk öýsüzleri maliýa taýdan goldamagy ýokarlandyrmagy, Hökümetiň öýsüzligiň düýp sebäplerini aradan aýyrmagyny, guramaçylykly dilegçilige we hususy çäklere bikanun girmäge garşy göreşi öz içine alýar diýlip, ministrlikde aýtdylar.
Sergezdanlyk barada kanun Napoleonyň uruşlary we senagatlaşma rewolýusiýasy döwründe öýsüzleriň sanynyň okgunly köpelmegi bilen baglylykda kabul edilipdi.