Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG: Zeminiň ýaşaýjylary isledigiçe çaga edinip bilmeýärler

11:2912.06.2025
0
25391
BMG: Zeminiň ýaşaýjylary isledigiçe çaga edinip bilmeýärler
Surat: Runews24

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ilat gaznasy ýurtlaryň 14-sinde geçiren pikirsoraşma netijesinde maşgalalaryň isledigiçe çaga dogrup bilmeýändiklerini anyklady. Pikirsoraşma gatnaşyjylaryň 18 göterimi şeýle pikirde diýip, guramanyň hasabatyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Dünýäde maşgalalaryň 19 göterimi howanyň üýtgemegi, uruşlar we daşky gurşawyň hatardan çykmagy sebäpli köp çaga dünýä indermekden ätiýaçlanýarlar. Pikiri soraşylanlaryň 54 göterimi bu ýagdaýy ykdysady şertler bilen baglaýar.

Gaznanyň bilermenleri Günorta Koreýada, Tailandda, Italiýada, Wengriýada, Germaniýada, Şwesiýada, Braziliýada, Meksikada, Birleşen Ştatlarda, Hindistanda, Indoneziýada, Marokkoda, Günorta Afrika Respublikasynda we Nigeriýada 14 müňden gowrak uly ýaşly erkekleriň hem-de zenanlaryň gatnaşmagynda barlag geçirdiler. Bu ýurtlarda umumy alnanda, dünýä ilatynyň 37 göterimden gowragy ýaşaýar diýlip, Gaznanyň hasabatynda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň