Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ir bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň ak ekin meýdanlarynda döwlet Baştutanyny ýurduň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary, Magtymguly daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi mähirli garşyladylar.
Bu ýerde kärendeçi daýhan ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda amatly şertleriň döredilýändigini, döwlet tarapyndan bugdaýdan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentinden özüniň yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasylyny ormaga ak pata bermegini haýyş etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow kärendeçiniň haýyşy boýunça birkemsiz hasyl toplan bugdaýy orup, galla oragyna badalga berdi.
Döwlet Baştutany Magtymguly daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň alnyp barlyşyny synlady.
Türkmenistanyň Prezidenti galla kombaýnlarynyň işini synlaýan pursatlarynda ýetişdirilen hasylyň ýokary hilli we kesgitlenen möhletlerinde ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýer T.Atahallyýewe birnäçe tabşyryklary berdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň we gurallarynyň satyn alynýandygyny belläp, Prezident oba hojalyk tehnikalarynyň örän netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Wise-premýer oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, täze, häzirki zaman tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady.
Döwlet Baştutany ýurduň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, bugdaý oragynyň depginleri we hasyllylygyň derejesi bilen gyzyklandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän düzümleriň, suw hojalyk toplumlarynyň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, galla oragynyň ýokary hilli we öz wagtynda tamamlanmagynyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutany tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşygy öz wagtynda geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde guralan gök-bakja we miwe önümleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen hem tanyşdy. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky birinji hasylyndan taýýarlanylandygy habar berildi.
Döwlet Baştutany bu ýerde pudaga täze gelip gowuşan häzirki zaman tehnikalaryny synlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow soňra gallaçy kärendeçiniň işi, onuň maşgala ýagdaýy bilen gyzyklanyp kärende ýerinde ýetişdirilen hasylyň derejesine üns berdi.
Döwlet Baştutany kärendeçiniň alan ýeriniň mukdary, hasyllylygyň derejesi we kärendeçiligi netijeli alyp barmak ugrunda döredilýän şertler bilen gyzyklanyp, döwletiň daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşmegi, oba hojalykçylaryň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada etjekdigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow özüniň yhlasly zähmeti bilen sahawatly toprakdan bol hasyl öndürýän kärendeçä sowgatlaryny gowşurdy.