Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çadyrdan çykan işewüri ýolbars garşylady, ony halas etmek başartmady

17:5611.06.2025
0
22497
Çadyrdan çykan işewüri ýolbars garşylady, ony halas etmek başartmady
Surat: Vm.ru

Namibiýaly telekeçä ýolbars hüjüm etdi, erkek kişini halas edip bolmady. Bu barada «People» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.

Waka Sesfonteýn etrabynda boldy. 59 ýaşly jahankeşde Bernd Kebbel çadyrly düşelgede dynç alýardy, ol hajathana çykanda, ýyrtyjy bilen pete-pet gabatlaşdy. Düşelgedäki beýleki adamlar gygyryşyp, ýyrtyjyny gaçyp gitmäge mejbur etdiler, emma telekeçi dem-düýtsüzdi. Ony halas etmek başartmady.

Afrikada geçen aprelde-de 14 ýaşly gyza ýolbars topuldy, gyzy halas edip bilmediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň