Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda talyplar üçin STEM olimpiadasy geçirildi

14:2611.06.2025
0
23521

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda innowasion bilim bäsleşigi bolan «STEM olimpiadasy» we onuň bilen ugurdaş sergi geçirildi. Çäre 4-nji iýunda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

Olimpiada Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly bilimi ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi. Bu bäsleşik ýokary ylmy başarnykly we innowasion tehnologiýalara ukyby bolan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirildi.

Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň dekabrynda tassyklanan «Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2025-nji ýyl üçin Ýol kartasyna» laýyklykda geçirildi.

Bäsleşigiň netijesi boýunça emin agzalary ýeňiji toparlary kesgitlediler. Bäsleşigiň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar hem-de okuw mekdebi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň