10 — 13-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň binasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan guralan Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) görkezijileri boýunça wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirilýär.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy «Turkmenportala» habar berdi.
Okuw maslahatyň maksady 2025 — 2027-nji ýyllar üçin DÖM boýunça hasabatlylygy berkitmäge gönükdirilen Ýol kartasyny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistiki mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Okuw maslahatyň dowamynda halkara ölçeglere laýyk usullar, maglumatlary ýygnamak, seljermek we derňemek boýunça çemeleşmeler, şeýle hem milli statistika ulgamynyň DÖM-iň global görkezijileri bilen utgaşdyrylmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň adyndan okuw maslahata Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölümiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy. Ol özara pikir alyşmalaryň dowamynda takyk we öz wagtynda taýýarlanylýan statistiki hasabatlaryň ähmiýetini nygtap, bu görkezijileriň ýurduň Durnukly ösüş boýunça milli strategiýalarynyň hem-de halkara borçnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönüden-göni täsir edýändigini belledi.
Şeýle çäreleriň geçirilmegi pudagara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, statistiki maglumatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we Durnukly ösüş ýörelgeleriniň ilerledilmegine goşant goşýar. Bu bolsa Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli BMG-niň Ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen maksatlara bolan ygrarlylygyny aýdyň görkezýär diýlip, habarda bellenilýär.