Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň täze sany çykdy

13:2811.06.2025
0
19861

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalynyň täze sany çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Makalalarda ýurtda milli bilim ulgamyny özgertmekde, okatmagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde, okuw işlerine innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin beýan edilýär.

Žurnalyň täze sany okyjylary Memluklar türkmen döwletinde edebiýatyň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen taryhçysy, ýazyjy we alym Halyl ibn Aýbeg Safadynyň döredijiligi, onuň häzirki döwre çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän eserleriniň görnüşi hem-de mazmun aýratynlygy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem žurnal Türkmenistanda sanly ulgamyň ulanylyşynyň giňelmegi, maglumat howpsuzlygyna bolan zerurlygyň artmagy bilen bu ugurda durmuşa geçirilýän başlangyçlar, maglumat howpsuzlygyna degişli adalgalaryň döreýşi we ösüşi, türkmen dilinde suw, onuň şypa beriş, bejeriş alamatlary bilen baglanyşykly dörän sözler, söz düzümleridir olaryň käbir aýratynlyklary, nusgawy edebiýatda has atlaryň özboluşly hyzmaty, rus diliniň nakyllarydyr atalar sözlerini öwrenmekde taryhy teswiriň berlişi, mekdepde beýannamalary öwretmegiň innowasion usullary bilen ýakyndan tanyşdyrýar.

Žurnaldaky makalalar bilen şu salgyda tanşyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň