Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Expo-2025» sergisindäki pawilýony iň köp barylýan meýdançalaryň üçlügine girdi

09:3511.06.2025
0
10510
Türkmenistanyň «Expo-2025» sergisindäki pawilýony iň köp barylýan meýdançalaryň üçlügine girdi
Surat: Nippon.com

Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osake şäherinde dowam edýän «Expo» sergisindäki pawilýony rekord goýmagyny dowam edýär. Ol iň köp barylýan pawilýonlaryň üçlügine girdi diýip «MIR 24» habar berdi.

Binanyň arhitekturasy milli nyşanlar we äheňler bilen bezelendir. Onuň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Sergi binasynyň ekspozisiýasy innowasion tehnologiýalary hem-de ýurduň gazanan üstünliklerini, taryhyny hem-de medeniýetini şöhlelendirýär. Ol ýerde türkmen halylaryny synlamak we milli aşhana tagamlaryny dadyp görmek mümkin.

Rokuro Kamatari şeýle gürrüň berýär: «Meni bu ýerdäki sergilenen medeni gymmatlyklar we harytlaryň köp görnüşliligi haýran galdyrdy. Türkmenistanda şeýle köp haryt öndürilýän ekeni! Pawilýona saparym meniň üçin hakyky açyş boldy».

Mizuki Şegemasa, Osakanyň ýaşaýjysy: «Bu ýerde görenlerim garaşanymdan täsirli boldy. Men Türkmenistanyň nähili işjeň we ählitaraplaýyn ösýändigine gözli şaýat boldum diýse bolar. Men bu ajaýyp ýurt barada örän haýran ediji täsirleri aldym».

Bütindünýä «Expo-2025» sergisi Osakada güýze çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň