Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň raýatlary üçin ABŞ-na giriş boýunça çäklendirilmegi baradaky habarlara düýpli düşünişmezlik döredýändigini we muňa aladalanma bildirýändigini mälim etdi. Bu barada DIM-iň resmi beýannamasynda bellenilýär.
«ABŞ-na giriş boýunça çäklendirmeleriň girizilendigi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýran maglumatlar bilen baglylykda Türkmenistanyň DIM munuň türkmen tarapynda düýpli düşünişmezlik we aladalanma döredýändigini beýan edýär» — diýlip, beýannamada bellenilýär.
Türkmenistan üç gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen ykrar edilen bitaraplyk derejesine eýedir we Türkmenistanyň halkara migrasiýa kadalaryny berk berjaý edýär — diýip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda nygtalýar. Diplomatlaryň bellemegine görä, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň BMG-niň konwensiýalary tarapyndan kadalaşdyrylýan hukuk, durmuş, ynsanperwerlik we beýleki meseleleriň çözülmegi boýunça Türkmenistanyň tejribesi dünýäde öňdebaryjylaryň biridir.
«Bu mesele BMG we beýleki abraýly halkara guramalary tarapyndan gurnalýan köp sanly halkara forumlarynda yzygiderli bellenilip gelinýär» — diýlip, DIM-iň beýannamasynda aýdylýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň DIM-i ikitaraplaýyn şertnamalara esaslanyp, daşary ýurt döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda raýatlaryň giriş-çykyş meselelerini özara esasda netijeli çözýändigini belleýär. Bu çemeleşme bolsa degişli taraplaryň kanunlarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
«Türkmen tarapynyň çuňňur ynamyna görä, şu görnüşli çäklendirmeler diňe daşary ýurt raýatlary tarapyndan kabul ediji ýurtda düýpli hukuk bozulmalaryna ýol berlen halatlarynda girizilýär. Şu babatda Türkmenistandan daşary ýurtlara, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gidýän raýatlaryň kanuna hormat goýýandygy aýratyn nygtalmalydyr» — diýlip, beýanatda bellenip geçilýär.
Türkmenistanyň DIM bu karary ikitaraplaýyn türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça ýokary netijeleri nazara alynman, howlukmaç kabul edilen karar hökmünde baha berýär. Şonuň ýaly-da, bu mesele, migrasiýa syýasaty ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşi bilen baglanyşyklydyr.