«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy azyk we azyk däl ürgün önümleri saklamak üçin niýetlenen «Rowachpack» rulon görnüşli polipropilen torbalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.
«Rowachpack» polipropilen torbalary ýokary hili, köpugurlylygy we çydamlylygy bilen bazarda uly meşhurlyk gazandy. Maşyn önümçiliginden başga-da, bu torbalardan elde berk we amatly haltalar, mysal üçin, un, tüwi we beýleki ürgün önümleri gaplamak üçin tutawaçly kiçijik haltalar taýýarlanylýar.
«Rowachpack» polipropilen torbalaryň ulanylyş gerimi giňdir. Ol ürgün harytlar üçin halta öndürmek boýunça adaty ulanyşdan başga-da, dürli maksatlar üçin peýdalanylýar. Azyk senagatynda bu torbalar şeker, un we galla önümlerini gaplamak üçin ulanylýar. Peýdaly aýratynlyklary netijesinde, polipropilen mata örtük materialy hökmünde ulanylyp bilner, laminirlenen gatlak çalnanda bolsa gidroizolýasiýa wezipesini ýerine ýetirip biler.
Has giňişleýin maglumat almak we sargyt etmek üçin «Rowachlan Galkynysh» HK-nyň wekilleri bilen şu telefonlar: +993 62 29 29 69 we +993 12 29 29 69, şeýle hem elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com arkaly habarlaşyp bilersiňiz.