Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dokma kärhanalary Türkmenistanyň ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýar

10:0610.06.2025
0
19251

Pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar milli ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegine saldamly goşant goşýar – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, şol sanda nah ýüplügiň önümçiligi 130,4 göterime, nah matalaryňky 136,7 göterime, gön önümleriniňki 124,5 göterime deň boldy.

Şunuň bilen birlikde, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan milli halyçylyk sungatyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, türkmen el halysyny dokamagyň usullaryny geljek nesillere ýetirmek, gadymy nagyşlardyr göller salnan köpöwüşginli halylary dokamak, halylaryň gadymy nusgawy görnüşlerini dikeltmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ussat halyçylary içerki we daşary ýurt müşderileriniň buýurmalary boýunça ajaýyp haly önümlerini dokaýarlar.

Hasabat döwründe «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň