2022-nji ýylda Türkmenistanda ornaşdyrylan sanly baha bermek ulgamy ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Bu reýting professor-mugallymlar düzüminiň ylmy, döredijilik we pedagogik işjeňligine baha bermek arkaly bal ulgamynyň esasynda düzülýär.
Reýtingde matematika we fizikadan başlap, dil we oba hojalyk ylymlaryna çenli dürli ugurlar boýunça ýokary netijeler gazanan mugallymlar öňe saýlandy. Olaryň köpüsi halkara olimpiadalarynda we ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýän talyplar toparlarynyň ýolbaşçylary bolmak bilen bir hatarda, okuw kitaplarynyň we halkara ylmy žurnallarda neşir edilen ylmy makalalaryň awtorlarydyr.
Reýtingde öňe saýlananlar:
- Nurmuhammet Gurbanmämmedow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematik analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty;
- Sähetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýokary matematika kafedrasynyň müdiri;
- Ogulgurban Ezimowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty;
- Gözel Babaýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň müdiri;
- Döwlet Durdyýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň traktor we oba hojalyk tehnikalary kafedrasynyň müdiri;
- Allamyrat Amanmämmedow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň teoretiki we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy;
- Bibihajar Kerimowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy;
- Maral Aşyralyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy;
- Ýusupbaý Ermetow, Türkmen oba hojalyk institutynyň kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.
Reýtingde öňe çykan mugallymlar özleriniň hünär taýdan gazanan üstünlikleri we ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Degişli maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.