2025-nji ýylda Daşoguz welaýaty boýunça ekiş geçirilen 8 müň 100 gektar meýdandan 35 müň tonna şaly öndürmek maksat edinilýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Daşoguz tüwüsi, esasan, sebitiň demirgazyk künjegindäki Aýböwür ýaýlasynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýetişdirilýär.
Şu ýyl etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4 müň 650 gektar meýdandan 20 müň 90 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 2850 gektar ýerden 12 müň 315 tonna şaly öndürmek göz öňünde tutulýar. Demirgazyk etrabyň çäginde hereket edýän «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti bolsa 600 gektar ýerde şaly ekişini geçirdi. Munuň özi geçen ýylkydan 100 gektar köpdür. Oba hojalyk pudagynda netijeli işleýän bu hususy düzüm boýunça şaly ekilen şonça meýdandan 2 müň 595 tonna hasyl almak maksat edinilýär.
Häzirki wagtda kadaly gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek, gämikläp, günsaýyn däl, sagatsaýyn toprakdan saýlanýan ýaş ekinleri iýmitlendirmek işlerine girişildi.
Şu ýyl etrabyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 400-e golaý, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde hem 250-ä golaý kärendeçi bilen şaly ýetişdirmek barada şertnama baglaşyldy.
Şalyçylar ýakyn günlerde ekinlere karbamid dökünini bermäge taýýarlyk görýärler diýlip, habarda bellenilýär.