6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasynda ýokary derejede ýola goýlan açyk we konstruktiw dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugrudygyny bellediler.
Ykdysady taýdan Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda söwda dolanyşygyny giňeltmekde, maýa goýumlary artdyrmakda we ulag, energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti aýratyn bellenilip, bu ugurda işleriň dowam etdirilmegine zerur itergi bermegiň wajypdygy nygtaldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň we Hindistanyň esasy ulag merkezleriniň Ýakyn Gündogar, Hazar sebitleri hem-de Ýewropa bilen birleşdirilmeginiň halkara logistiki hyzmatdaşlygyň möhüm binýady bolup durjakdygy bellenildi. Bu babatda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hindistan bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, medeni alyş-çalyşlary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.