Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Erkek kişini ar almak üçin akula hüjüm edendigi sebäpli tussag etdiler

22:2507.06.2025
0
13812

ABŞ-nyň Florida ştatynda 26 ýaşly Zeýn Garrett awuny alandygy üçin akulany sowuk ýarag bilen ýaralandygyny boýun aldy we tussag astyna alyndy.

Waka Garrett gaýykda balyk tutýarka bolupdyr. Gürrüň bermegine görä, ol şeýle etmek bilen ýyrtyjy balyga we beýleki ýyrtyjylary-da beýle etmeli däldigi barada sapak bermek isläpdir.

Floridanyň Balyk gorlaryny we ýabany tebigaty goramak boýunça geňeşine şikaýat gelip gowşandan soňra ony haýwanlara ýowuz daraşmakda aýypladylar. Garrettiň gaýyk sürmäge rugsatnamasynyň hem ýokdugy belli boldy.

Häkimiýetler şeýle hereketleriň tebigaty goramak düzgünlerini bozýandygyny hem-de çynlakaý netijelere getirip biljekdigini duýdurdylar diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň