Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekiliýeti Melburnda geçirilen CDIO-25 halkara maslahatyna gatnaşdy

15:4505.06.2025
0
22568

2025-nji ýylyň 1-5-nji iýuny aralygynda Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Monaşa uniwersitetinde geçirilen CDIO 2025 halkara maslahatyna Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň düzüminde molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň uly mugallymy Döwletmyrat Porrykow, «Mehatronika we robot tehnikasy» hünär ugry boýunça 2-nji ýyl talyby Garlyýewa Çynar, «Häzirki zaman tehnologiýalarynyň fizikasy» hünär ugry boýunça 4-nji ýyl talyby Baýramowa Nurjemal dagy boldy.

CDIO – innowasion inženerçilik bilim ulgamynda dünýä derejesindäki hyzmatdaşlyk torydyr. Bu platforma inženerleriň täze neslini taýýarlamak maksadyny öňe sürýär. CDIO maslahaty dünýäniň dürli ýurtlaryndan mugallymlary, ylmy gözlegleri alyp barýan hünärmenleri, alymlary we talyplary inženerçilik bilimi boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň wekiliýeti özleriniň ylmy işlerini hödürledi we maslahatyň işine işjeň gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara forumyna gatnaşmagynyň esasy maksady – uniwersitetiň okuw meýilnamalaryny halkara standartlaryna laýyklykda düzedişleri girizmek we taslama esasly okatmagy ösdürmekdir. Bu forum arkaly türkmen wekiliýeti gymmatly bilim we tejribe toplady, olar bolsa uniwersitetiň inženerçilik maksatnamalaryna CDIO ýörelgelerini has çuňňur ornaşdyrmaga ýardam eder.

Şeýle hem ýatlatsak, geçen ýylda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri 10-13-nji iýun aralygynda Tunisiň paýtagtynda geçirilen XX Halkara CDIO maslahatyna gatnaşypdylar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylyň mart aýynda CDIO guramasyna Merkezi Aziýa uniwersitetleriniň arasynda ilkinji bolup doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň