Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Niderlandlaryň Hökümeti iş başyndan gidýär

14:2405.06.2025
0
22015
Niderlandlaryň Hökümeti iş başyndan gidýär
Surat: DW.com

Niderlandlaryň Hökümeti dolandyryjy bileleşigiň dagadylmagy bilen baglylykda, iş başyndan gidýär. Bu barada ýurduň Hökümet başlygy Dik Shof Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Biz ministrleriň ýygnagynda Azatlyk partiýasynyň gitmegi bilen baglylykda, bileleşigiň parlamentde ýeterlik goldawynyň ýokdugy barada netijä geldik» diýip, Premýer-ministr aýtdy.

Skof şeýle hem Niderlandlaryň Patyşasy Willemu-Aleksanderunyň ýanyna Azatlyk partiýasyndan bolan ministrleriň işden gitmegini haýyş etmekçidigini aýtdy. Şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalary hem işden gitmek barada arza bermekçi. Şeýle ýüzlenmäniň nusgasy parlamentiň aşaky palatasyna ýollanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň