«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti ýer jaý hem-de kottejleriň eýelerine hem interýer, hem eksterýer bezegleri bilen bagly işlere toplumlaýyn çemeleşmäge mümkinçilik berýän gurluşlaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Müşderiler bu meselede birnäçe dürli işleri diňe bir kompaniýa ýüz tutmak bilen bitirip bilerler we şunlukda hem wagtlaryny hem-de zähmetini tygşytlarlar.
«Maksatly Türkmen» öýleriň köptaraply mümkinçiliklerini, gözelligini we howpsuzlygyny üpjün edýän dürli elementleri ýetirmäge we gurnamaga ýöriteleşendir. Kompaniýa şular ýaly teklipleri hödürleýär:
- aýnalar we gapylar. Ýylylygy saklaýjy we ses geçirmeýän döwrebap çözgütleriň giň saýlawy.
- perilalar. Basgançaklar we balkonlar üçin stilli hem ygtybarly gurluşlar.
- markizler. Terrasalara we eýwanlara ajaýyp görnüş berýän, Günden we ýaramaz howa şertlerinden goraýan süýşürilýän örtükler.
- awtomatik seksiýa derwezeleri. Garažlar üçin amatly we howpsuz çözgütler.
- syrylyp ýapylýan aýna örtükleri. Aýnalary we gapylary döwülmeden, sesden we ýagtylykdan goraýan gurluş.
- howlyny aýna bilen örtmek. Binanyň eksterýeri üçin döwrebap we netijeli çözgüt.
Kompaniýa öz işinde diňe häzirki zaman çözgütlerine uly üns berýär. Olaryň köpüsi bolsa ulanmak üçin örän amatly bolar ýaly awtomatlaşdyrylandyr.
«Maksatly Türkmen» anyk ölçeg geçirme işlerinden başlap, professional derejede gurnamak hem-de ähli önümlerine kepillik bermek işlerine çenli hyzmatlarynyň ählisini kepillendirýär. Bu bolsa müşderileriň öz satyn alýan zatlarynyň berkiligine we uzak möhlete niýetlenendigine bolan ynamyny gazanýar.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, №28 binasy;
- telefon belgileri: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.