Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Belarus Respublikasynyň tejribesini öwrenýär

11:2305.06.2025
0
16925

2-nji iýundan bäri Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, Belarus Respublikasynda iş saparynda bolýar.

Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, III tapgyr» atly taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Wekiliýetiň düzümine Ministrler Kabinetiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri girýär.

Saparyň maksady milli strategiýalary we maksatnamalary taýýarlamakda hem-de kämilleşdirmekde bilimleri we amaly tejribeleri giňeltmek, şeýle hem milli we ählumumy maksatlaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak üçin statistiki maglumatlardan netijeli peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenmekden ybaratdyr.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça milli binýadyň emele getirilmegi we onuň işleýşi, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilişine degişli meýletin milli hasabatlaryň taýýarlanylyşy boýunça tejribe alyşdylar.

Belarus Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň we Ykdysady barlaglar institutynyň (ÝBI) wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüşiň Milli strategiýasynyň, sebit we pudaklaýyn strategiýalaryň taýýarlanylyşy we durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy. Strategiki resminamalaryň çaklamasy, gözegçiligi we seljermesi, şeýle hem edaralaryň arasyndaky özara gatnaşyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem wekiliýetiň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Belarusdaky ýolbaşçylary bilen iş duşuşygy geçirildi.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belarus Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. Olarda Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça milli statistikanyň ýöredilişi we dolandyrylyşy barada pikir alşylar. Türkmen wekiliýetiniň Belarus Respublikasynyň Tebigy baýlyklar we daşky gurşawy goramak ministrligine, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine, şeýle-de BMG-niň Ählumumy ylalaşyk torunyň Belarusdaky edarasyna baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Bu ýerlerde döwlet bilen hususy pudagyň Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň tejribesi ara alnyp maslahatlaşylar.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň berkemegine itergi bermegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň