Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Gras tehniki uniwersitetinde iş saparynda bolýar

08:0605.06.2025
0
18361

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti 1 — 12-nji iýun aralygynda Awstriýanyň Gras tehniki uniwersitetinde iş saparynda bolýar.

Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň mugallymlary Süleýman Nökerow, Perman Hojagulyýew hem-de talyplar Çynar Seýtekowa bilen Merdanmuhammet Ýaranow bar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.

Saparyň maksady Gras tehniki uniwersitetiniň elektrik inženerçiligi we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Elektronika instituty bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda, bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň ýagdaýyna baha bermek we geljekki hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmen wekiliýeti Gras tehniki uniwersitetiniň Elektronika instituty, Aragatnaşyk we hemra aragatnaşygy ulgamlary instituty, Mikrotolkun we foton inženerçiligi instituty ýaly ylmy laboratoriýalaryna baryp gördüler. Bu ýerde iki ýokary okuw mekdebiň hünärmenleriniň arasynda bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.

Saparyň dowamynda iki uniwersitetiň wekilleri birnäçe ugur boýunça bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirerler. Bu ugurlar elektrik we magnit meýdanlaryny ýakyn aralykda ölçemek üçin gurluşlaryň işlenip düzülmegi, dürli geometrik şekilli elektron enjamlar tarapyndan çykarylýan elektromagnit şöhlelenmeleriň ölçelmegi, şeýle hem antennalaryň taslamasyny düzmek we şol ugurda ölçegleriň alnyp barylmagyny öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň