Türkmenistanda şu ýylyň 5 aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,8; gurluşykda 4,7; ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8; söwdada 9,9; oba hojalygynda 4 we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler baradaky hasabatynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edildi we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy.
2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Şu ýylyň bäş aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5; daşary söwda dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,2; çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,3 göterim artdy.
Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny bellemek bilen, wise-premýere ýurdy ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.