Tailandda Plaý Biang Lek lakamly pil ýerli dükana barandan soňra meşhurlyk gazandy, mähnet haýwan dükandaky tüwüli kökeleri iýip, pul tölemän çykyp gitdi. Bu barada «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «rbc.ru» gürrüň berýär.
Dükan Bangkokdan üç sagat uzaklykda, Pak Çong etrabynda ýerleşýär. Onuň ýanynda Khauýaý milli parky bolup, ýabany piller iýmit gözleginde çägi terk edýärler. Emma olar henize çenli dükanlara girmeýärdiler diýlip, habarda bellenýär.
«South China Morning Post» gazetiniň ýazmagyna görä, Tailandda onlarça milli seýilgählerde ýaşaýan 3700-4400 töweregi ýabany pil bar.