BVS CONSTRUCTION LIMITED (Gonkong) kompaniýasynyň baştutany Wadim Skorobogatko Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.
Kompaniýanyň hem-de onuň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlaglar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberildi.
«BVS CONSTRUCTION LIMITED (Gonkong) kompaniýasynyň işgärler düzüminiň adyndan türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramynyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» - diýip, Wadim Skorobogatko gutlag ýüzlenmesinde belleýär.
Gutlag hatynda bu mukaddes baýramyň agzybirligi, rehimdarlygy we ruhy päkligi alamatlandyrýandygy nygtalýar. Gurban baýramy musulmanlar tarapyndan bütin dünýäde giňden bellenilýän yslam senenamasynyň iň möhüm baýramlarynyň biridir.
«Bu mukaddes baýram adamkärçiligiň, birek-birege kömek etmegiň we ýakynlaryna ideg etmegiň ähmiýetini ýatladýar. Türkmenistanyň ähli ilatyna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin» - diýip, BVS CONSTRUCTION LIMITED (Gonkong) kompaniýasynyň ýolbaşçysy gutlagynda belleýär.