Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

GFR-niň öňki daşary işler ministri Annalena Berbok BMG-niň Baş assambleýasynyň başlygy boldy

17:2504.06.2025
0
15775
GFR-niň öňki daşary işler ministri Annalena Berbok BMG-niň Baş assambleýasynyň başlygy boldy
Surat: MIR 24

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň öňki başlygy Annalena Berbogy BMG-niň Baş assambleýasynyň 80-nji ýygnagynyň başlygy wezipesine saýladylar. Syýasatçy zenan bu wezipä ýek-täk dalaşgärdi we gizlin ses berlişikde ony 167 adam goldady diýip, «argumenti.ru» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Germaniýanyň hökümetiniň Berbogy bu wezipä hödürlemek maksady barada mart aýynda belli boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň başlyklygy esasan dabaraly häsiýetli wezipedir we ony häzirki wagtda Antoniu Guterriş tarapyndan eýelenýän Guramanyň Baş sekretary wezipesi bilen garyşdyrmaly däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň