Şu gün «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna badalga berildi. Bu festiwala gatnaşmak üçin Aşgabada gelen myhmanlar 3-nji iýunda Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýol gatnawy bilen Balkan welaýatyna geldiler. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Bu festiwala Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan ýaly ýurtlardan 60-a golaý sungat wekilleri gatnaşyp, özleriniň täsirli çykyşlaryny görkezerler.
Habarda bellenilişi ýaly, medeniýetiň, sungatyň baýramyna öwrüljek halkara festiwal köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary bolan, taryhy we medeniýeti umumy doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagynda, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkidilmeginde, döredijilik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Festiwala gatnaşyjylar Türkmenbaşy demir ýol menzilinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde Balkan welaýatynyň «Hazar merjenleri» çagalar tans we folklor, «Tolkun» aýdymçylar, «Sumbar» folklor toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Onda milli lybaslaryň köpöwüşginliligi, milli sazlaryň şirin owazy myhmanlaryň türkmen sungatyna bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.
Şeýle-de bu toparlaryň bilelikde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirmekleri aýratyn ýatda galyjy boldy diýlip, habarda bellenilýär.