Türkiýäniň kenarýaka Marmaris şypahanasynda güýji 5,8 bala deň bolan ýer yranmasy boldy. Sarsgynlar Muglada, Izmirde, Aýdynda we Antalýede duýuldy diýip, «rg.ru» habar berýär.
Bu soňky iki hepdedäki üçünji tebigy betbagtçylylykly hadysadyr.
Ýerli habar beriş serişdeleri ýerasty sarsgynlaryň tutuş kenarýakada duýlandygyny ýazýarlar. Wideogözegçilik kameralarynda adamlaryň öýlerinden seýilgählere gaçýandyklary görünýär. 69 adam binalardan we beýikliklerden bökmek bilen bagly ýeňil şikes aldy. 14 ýaşly gyzyň gorkandygy sebäpli hassahanada aradan çykandygy habar berildi.