«Berkarar» SDAM-yň üçünji gatynyň açyk zolagynda ýerleşýän «Soltan Bubble Tea» Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny dürli içgilerden lezzet almaga çagyrýar.
Bu ýerde myhmanlara serginlediji kokteýlleriň we süýjülikleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Dürli sowuk içgilerden başga-da, «Soltan Bubble Tea-niň» menýusynda gyzgyn tagamlar hem hödürlenýär, munuň özi bu ýeri günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny edinmek üçin amatly ýere öwürýär.
«Soltan Bubble Tea» topary hyzmatyň ýokary derejede bolmagyna we her bir myhmanyň özüni rahat duýmagy üçin amatly gurşawyň döredilmegine aýratyn üns berýär. «Soltan Bubble Tea» her gün açykdyr we müşderilerine diňe bir tagamly içgileri we naharlary däl-de, eýsem, Aşgabadyň iň meşhur söwda merkezleriniň birinde ýakymly gurşawda wagt geçirmek mümkinçiligini hem hödürleýär.
Has giňişleýin maglumat almak ýa-da stollary bronlamak üçin aşakdaky telefonlara ýüz tutup bilersiňiz: +993 60 20 50 02, +993 12 46 84 80, +993 12 46 84 81.