Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hytaýyň farfor önümleriniň we atşynaslyga degişli gymmatlyklarynyň sergisi açyldy

09:1304.06.2025
0
15842

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Hytaýyň farfor önümleriniň we atşynaslyk sungatyna degişli gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, sergide Hytaý Halk Respublikasynyň günorta-gündogaryndaky Fuszýan sebitiniň Dehua uýezdiniň 100-e golaý ak farfor önümleri hem-de at esbaplary aýratyn orun eýeleýär.

Medeni çäräniň açylyş dabarasyna döredijilik, sungat işgärleri, Hytaý Halk Respublikasynyň Milli muzeýiniň wekilleri, medeni mirasyň gymmatlyklaryny toplaýjylar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda iki ýurduň arasynda strategik ähmiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary öz içine alýandygy, şunda medeni-ynsanperwer ulgama möhüm ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi.

Sergide adam, tebigat gözellikleri şöhlelendirilen farfor önümlerini synlamak bolýar. Şolaryň her biri hytaý halkynyň dünýä beren iň gadymy sungatlarynyň biri bolan farfor önümçiliginiň taryhy we özboluşly aýratynlyklary barada bu ýere gelýänleri giňişleýin tanyşdyrýar. Atşynaslyk sungatyna degişli gymmatlyklar serginiň ikinji aýratyn ugruny emele getirýär.

Sergide 40 töweregi gymmatlyk Hytaýyň atşynaslyk sungatynyň we degişli senetçiliginiň ösüş ýolundan habar berýär. Medeni çärä gatnaşyjylar bu babatda birek-birekden öwrenmeli zadyň köpdügini bellediler.

Hytaýyň farfor önümleriniň we atşynaslyk sungatyna degişli gymmatlyklarynyň sergisi bir aýa golaý wagtlap öz işini dowam eder.

Hytaýyň muzeý işgärleri saparynyň dowamynda “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda, Türkmen halysynyň milli muzeýinde, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň