Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2027-nji ýylyň Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Taýland bilen geçiriljek duşuşyk üçin milli ýygyndymyzyň iýun aýyndaky türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak giňeldilen düzümini yglan etdi.
Baş tälimçi Röwşen Meredow tarapyndan tassyklanan sanawda 30 futbolçy bar. Olaryň 23-si 10-njy iýunda paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionyň merkezi arenasynda geçiriljek saýlama ýaryşyň ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alnar.
Iýun aýyndaky ýygnanyşygyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndysynyň giňeldilen düzümi:
Derwezeçiler: Resul Çaryýew, Rüstem Ahallyýew (ikisi-de «Arkadag»), Kakageldi Berdiýew («Ahal»), Begli Nurmyradow («Altyn Asyr»).
Goragçylar: Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ibragim Mämmedow, Berdimyrat Rejepow, Arzuwguly Sapargulyýew, Mekan Saparow (hemmesi «Arkadag»), Bagtyýar Gürgenow («Ahal»), Zafar Babajanow, Röwşen Halmämmedow (ikisi-de «Altyn Asyr»).
Ýarym goragçylar: Ahmet Ataýew, Welmyrat Ballakow, Mirza Beknazarow, Ýazgylyç Gurbanow, Yhlas Saparmämmedow, Şanazar Tirkişow (hemmesi «Arkadag»), Teýmur Çaryýew («Torpedo-Belaz», Belarus), Meýlis Diniýew, Mahtymberdi Berenow, Elman Tagaýew (hemmesi «Ahal»), Rahman Myratberdiýew («Altyn Asyr»).
Hüjümçiler: Begenç Akmämmedow, Didar Durdyýew, Altymyrat Annadurdyýew (hemmesi «Arkadag»), Gurban Annaýew, Daýanç Meredow (ikisi-de «Ahal»), Mihaýil Titow («Uzgen»).
Tälimçiler düzümi: Röwşen Meredow (baş tälimçi), Dawid Sarkisow, Aziz Kambarow, Orazberdi Myradow, Pawel Matus (derwezeçileriň tälimçisi).