Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanly jahankeşde Türkmenistanyň baýdagyny Antarktida eltdi

22:1903.06.2025
0
31134

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy täjigistanly meşhur jahankeşde Şarifbek Dawlatow tarapyndan Antarktidadaky iň ýokary belentlige galdyryldy. Bu barada «AsiaPlus» täjik saýty habar berdi.

Şarifbek Dawlatow halkara jemgyýetiň ünsüni buzluklary gorap saklamaga gönükdirmek maksady bilen, dünýäniň iň sowuk yklymy bolan Antarktida syýahat etdi. Ol bu ýerde diňe bir Täjigistanyň däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň Döwlet baýdaklaryny hem Antarktidadaky iň beýik nokada galdyryp, sebitleýin jebisligiň ähmiýetini bellemek isledi.

Dawlatowyň aýtmagyna görä, Antarktida baryp ýetmek üçin ol Latyn Amerikasynyň birnäçe ýurtlaryndan geçmeli boldy. Soň bolsa gämi bilen dört gün dowam eden ummandaky syýahaty arkaly buzly yklyma bardy.

Ýeri gelende bellesek, Şarifbek Dawlatow dünýäniň 106 ýurduna baryp gören tejribeli syýahatçydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň