Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde her tapgyrda 10 müňden gowrak çaga dynç alar

14:3503.06.2025
0
17873

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2024-2025-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy.

Düýn — 2-nji iýunda Türkmenistan boýunça tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi. Şu mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän «Mekan» köşgünde Gökderedäki, welaýat merkezlerinden bolsa welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine çagalary dynç alşa ugratmak dabaralary geçirildi.

Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine dynç alşa baran çagalar aýdym-sazly çykyşlar bilen mähirli garşy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan üç tapgyrda hereker eder, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurduň dürli künjeklerinden 7145 çaganyň dynç alşy guralar.

Welaýatlarda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda hereker edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurduň dürli künjeklerinden 1500 çaganyň dynç alşy guralar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her biriniň dowamlylygy 10 günden ybarat bolan 4 tapgyrda hereker edip, bu merkezlerde bir tapgyrda ýurduň dürli künjeklerinden 1783 çaganyň dynç alşy guralar. Möwsümiň dowamynda Türkmenistanyň Bilim minstrliginde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň, ýetginjekleriň tomusky dynç alyşlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly işleri utgaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy topar hereket eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ministrliklerden we jemgyýetçilik guramalaryndan alnan teklipler esasynda taýýarlanan meýilnama laýyklykda, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dürli görnüşli çäreleriň uly toplumy geçiriler, çagalar üçin täsirli gezelençler, sergiler we döredijilik duşuşyklary guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň