Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Baýkonur» kosmodromyna 70 ýyl doldy

14:2903.06.2025
0
11333
«Baýkonur» kosmodromyna 70 ýyl doldy
Surat: Tvbrics.com

Düýn – 2-nji iýunda Gazagystandaky kosmos uçuşlary amala aşyrylýan meşhur «Baýkonur» uçuş meýdançasynyň döredilenine 70 ýyl doldy. Ol dolandyrylýan kosmonawtikanyň ösüşinde hem-de älemi özleşdirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň nyşanyna öwrüldi diýip, «tvbrics.com» ýazýar.

1955-nji ýylyň 2-nji iýunynda ylmy-barlag synag uçuş meýdançasynyň guramaçylyk-işgärler düzümi tassyklandy. Iki ýyldan soňra «Baýkonurdan» ilkinji R-7 raketasy, 1957-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda dünýäde Ýeriň ilkinji emeli hemrasy uçuryldy. 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde bu ýerden Ýuriý Gagariniň taryhy uçuşy badalga aldy.

Düýn kosmodromyň ýubileý senesi bilen bagly ol ýerde uly baýramçylyk çäreleri guraldy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin kosmodromyň işgärlerini we weteranlaryny möhüm sene bilen gutlady. Ol uçuş meýdançasyny rus-gazak hyzmatdaşlygynyň daýanç sütünleriniň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Rus lideriniň gutlagynda: «Kosmodromyň Baýkonur diýip at almagynyň simwoliki manysy bar, gazak dilnden terjime edilende, ol «baý toprak» diýilmegi aňladýar. Kosmodromyň halkara ylmy-tehniki ösüşe goşandy, hakykatdan hem, baýdyr» diýilýär.

70 ýylyň dowamynda «Baýkonuryň» uçuş meýdançalaryndan äleme Kubany, Hindistany, Wýetnamy, Braziliýany we Birleşen Arap Emirliklerini goşmak bilen, onlarça ýurduň wekilleri uçdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň