Her ýyl 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hökmünde bellenýär. Edil şol günde Aşgabatda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-gözleg institutynda «Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ekologiki taraplary» atly halkara ylmy-amaly maslahat (TESC 2025) geçiriler.
Forumyň işi energetika pudagynyň durnukly ösüşiniň gündelik meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, dünýäniň ösen tejribelerini alyşmak we daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleri azaltmak ugrunda amaly çözgütler işläp düzmek üçin möhüm platforma bolmaga gönükdiriler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, esasy umumy mejlisden öň nebit-gaz pudagynda durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna we tehnologik innowasiýalara bagyşlanan iki «tegelek stol» duşuşygy geçiriler.
Maslahatyň birinji mejlisinde foruma gatnaşyjylar energetika pudagynyň geljegini, täze tehnologiýalary we uglewodorodly ýataklary işlemekdäki ekologiki taraplary ara alyp maslahatlaşarlar.
Ikinji mejlis ekologiki jogapkärligiň hereketlendiriji güýji hökmünde adam maýasynyň mowzugyna bagyşlanar. Bu mejlisde metan we kömürturşy gazynyň zyňyndylary meselesini çözmek üçin häzirki wagtda ber bolan bilimleri we innowasiýalary ulanmagyň meseleleri serediler.
Mejlisleriň baý mazmunly maksatnamasyndan başga-da, forumyň wekillerine Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen B2G (Işewürler-Hökümet agzalary) görnüşinde öňünden ylalaşylan duşuşyklara gatnaşmak mümkinçiligi berler. Duşuşygyň bu görnüşi gatnaşyjylara häzirki we geljekki taslamalar barada gönüden-göni maglumat almaga, şeýle hem öz tekliplerini we çözgütlerini hödürlemäge mümkinçilik berýär.
TESC 2025 Türkmenistanyň ekologiki jogapkärligiň ýokary standartlaryny berjaý etmek bilen bir hatarda energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki strategiki ornuny tassyklaýan möhüm çäre bolup durýar. Bu forum durnukly ösüş we dünýäniň nebitgaz senagatynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkemegine goşant goşmagy maksat edinýär.