Planetany güýçli magnit tupany basdy, munuň öňýany Gün plazmanyň adatdan daşary ölçegdäki buludyny Ýere zyňdy. Ol Ýere çak edileninden bir gün öň ýetdi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Şeýle işjeňlik aňrybaş derejede magnit harasatyna getirip bilýär. Häzir ol mümkin bolan 5 derejeden 4-e deň. Bu ýylyň başyndan bäri iň güýçli urgudyr diýlip, habarda bellenýär.
Howanyň üýtgemegine duýgur adamlar çakyzadan, baş aýlanmadan we ynjalyksyzlanmadan ejir çekip bilerler. Elektrik enjamlarynyň işinden bozulmalar döräp biler, aragatnaşygyň bozulmasy bolup biler. Magnit tupanynyň pes täsirde bolsa-da, aýyň ahyryna çenli dowam etjekdigi çaklanýar.