Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry ilkinji gezek «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisine gatnaşýar

11:4824.05.2025
0
44480

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry ilkinji gezek ilkinji gezek «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisine gatnaşýar. Bu çäre «Zyýat Hile» Türkmenistandaky esasy halkara sergi meýdançalarynyň birinde önümlerini tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.

«Zyýat Hiliň» diwarlygy türkmen konditerleriniň ussatlygyny görkezýän süýjülikleriň, çörek we konditer önümleriniň dürli görnüşlerini hödürläp, myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Sergide hödürlenýän süýjülikleriň arasynda adaty görnüşler bilen bir hatarda, kompaniýanyň önümleriniň ýokary hilini we döredijilikli çemeleşmesini görkezýän döwrebap süýjülikler hem bar.

Şeýle giň gerimli çärä ilkinji gezek gatnaşmak «Zyýat Hile» diňe bir konditerlik üstünliklerini köpçülige ýetirmäge we sarp edijilerden gymmatly seslenmeleri almaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, bazardaky ornuny has-da pugtalandyrmaga şert döretdi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň