Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada Gün elektrik stansiýany gurmak üçin müň ýyllyk zeýtun agaçlaryny ýok etdiler

12:0417.05.2025
0
22568
Italiýada Gün elektrik stansiýany gurmak üçin müň ýyllyk zeýtun agaçlaryny ýok etdiler
Surat: Rg.ru

Italiýanyň Bari ülkesiniň Posso-delle-Gru etrabynda hakyky gopgun döredi, tas iki müň ýyl bäri ösüp oturan zeýtun baglary Gün elektrik stansiýasyny gurmak üçin ýok edildi. «Gdr Solar Srl» kompaniýasy hemişe gök öwsüp oturan zeýtun baglygyny takyrap ýatan meýdana öwürdi. Ýerli ýaşaýjylar ol ýeri indi «ýürekdäki deşik» diýip atlandyrýarlar. Bu barada «rg.ru» ýazýar.

«Cia Puglia» oba hojalyk assosiasiýasynyň prezidenti Jennaro Sikolo gaharyny gizläp bilenok: «Özüniň zeýtun ýagy bilen tanalýan ýurtdaky zeýtun agaçlaryny ýok etmek akylsyzlyk».

Bu barada häli-şindi tankytlamalara duçar bolýan şäher häkimligi özüni çäklendirýän milli kanunçylyk sebäpli başga alajynyň galmandygyny nygtaýar. Geňeşçi Françesko Bardi, öz gezeginde, «Gdr Solar Srl» kompaniýasynyň täze zeýtun nahallaryny oturtmaga we durmuş taslamalary maliýeleşdirmäge borçly edilendigini aýdýar.

Habarda şeýle hem Sisiliýada Gün elektrik stansiýalarynyň artmagynyň energetiki kompaniýalar bilen daýhanlaryň arasynda ýer üstünde gapma-garşylyklary döredýändigi aýdylýar. Fermerler Gün stansiýalary bilen goňşy ýerleşýän meýdanlaryň hasyllylygynyň peselýändiginden zeýrenýärler. Günorta Apenninlerdäki daglyk etraplarda bolsa, maldarlar Ýel stansiýalarynyň gurluşygyna garşy çykýarlar, olar turbinalaryň gohunyň we hereketiniň mallary ürküzjekdigini we otluk meýdanlara elýeterliligi çäklendirjekdigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň