Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da guşlaryň syrly «partlamalaryny» derňeýärler

14:3316.05.2025
0
15860
ABŞ-da guşlaryň syrly «partlamalaryny» derňeýärler
Surat: MIR 24

Kaliforniýa ştatynyň Riçmond şäherinde guşlaryň syrly gyrylmagynyň sebäbini gözleýärler. Ganatlylar elektrik simlerinden patlap öli gaçýarlar diýip, «360» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Şeýle ýagdaýlaryň birini wideogözegçilik enjamy surata aldy. Guş sim geçirijiniň üstünde otyrka, birdenkä patlap ýere gaçýar. Munuň öňüsyrasy göýä partlaýjy ýarylan ýaly ses eşidilýär.

Ştatyň ýaşaýjylary düşündiriş talap edip, ýerli häkimiýetlere ýüz tutdular. Çaklamalaryň birine görä, guşlary tok urýar. Emma ýerli jemagat kompaniýasynda sim geçirijileriň guşlar üçin howpsuzdygyny ynandyrdylar. Kaliforniýanyň balykçylyk we ýabany tebigaty giramak edarasy bu wakalaryň sebäbini anyklamak üçin derňew işini alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň