Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

09:2715.05.2025
0
15012
Halk Maslahatynyň Başlygy «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy
Surat: Offshore Technology

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Aşgabada sapar bilen gelen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri — kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen hem duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhmanlar Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellediler hem-de ony pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagyň şahsy goşandyna aýratyn üns çekdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «PETRONAS» kompaniýasynyň wekillerini mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini we bu döwürde hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny, şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini kanagatlanma bilen belledi.

«Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary hem ýokary derejede geçirildi. Bu saparyň netijeleri boýunça 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu bolsa Türkmenistan bilen Malaýziýanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň, netijeli hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar» diýip, Gahryman Arkadag aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanyň köp ýyllardan bäri ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ýurduň nebitgaz pudagynda alyp barýan netijeli işi aýratyn nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde diňe häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalary däl-de, eýsem, ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan senagat pudagyndaky iri taslamalary hem göz öňünde tutýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigini aýdyp, türkmen tarapynyň özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary netijesini görkezýän bu resminamalar esasynda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek ugrunda işlemäge taýýardygyny tassyklady hem-de kompaniýanyň wekillerini bu ugurda gazanylan üstünlik bilen gutlady.

Gahryman Arkadag Türkmenistanda «PETRONAS» kompaniýasyna diňe bir maýa goýujy hökmünde däl-de, eýsem, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary saklaýan we umumy garaýşy bolan strategik hyzmatdaş hökmünde-de garalýandygyny belledi. Milli Lider kompaniýanyň türkmen hünärmenlerini taýýarlamak, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerine, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlarynyň hünär derejesini artdyrmak bilen bagly okuwlary guramaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Hormatly Arkadag bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, häzirki wagta çenli «PETRONAS» Tehnologik uniwersitetinde 200-den gowrak türkmen talybynyň bilim alandygyny belledi we gysga hem-de uzak möhletli tälim beriş okuwlaryny guramak işini güýçlendirmegi teklip etdi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça meselä ünsi çekip, türkmen döwletiniň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Gahryman Arkadag «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de birek-birege hormat goýmak, açyklyk we umumy maksatlar ýörelgeleri esasynda alnyp baryljakdygyna berk ynam bildirip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde kompaniýa hemmetaraplaýyn ýardamyň beriljekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň