Amerikaly işewür Ilon Mask özüniň sosial tordaky sahypasynda «Tesla Optimus» robotynyň tans edýän wideoşekillerini ýerleşdirdi diýip, «Belta.by» habar berýär.
Wideoda adam sypatly robot «Optimus» ussatlyk bilen tans edýär. «Öň aktýoryň robotyň eşigini geýip ýerine ýetiren tansy indi durmuşa geçdi» diýip, Mask ýazdy.
2022-nji ýylyň oktýabrynda «Tesla» kompaniýasy adama meňzeýän «Optimus» roboty bilen tanyşdyrdy. Şonda demir maşyn sahna çykyp, adamlara el salgady.
Mask bu robotyň şeýle-de gülleri suwarýan wideosyny sahypasynda çap etdi.